YouTube Android-de tötänleýin gelen wideony açýan düwmäni synag edýär

  • 01.01.2025 18:36
  • 3.7k+

YouTube “Android Something” atly programma üçin täze bir funksiýany barlaýar. The Verge neşiriniň habar bermegine görä, düwme bir gezek basanda dogry gelen wideony açmaga mümkinçilik berýär. Ol programma interfeýsiniň aşaky setirinden birneme ýokarda ýerleşip, ýüzýän düwme görnüşinde elýeterlidir.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, funksiýa işjeňleşdirilende wideony görkeziş portretli ugrukdyrylan YouTube Shorts pleýeri arkaly amala aşyrylýar. Bu dogry gelen wideo adaty keseligine görülýän wideo bolsa-da bolýar. Mazmun “Haladym”, “Halamadym”, teswir bermek we paýlaşmak funksiýalary üçin niýetlenen uly düwmeli kiçi pleýerde görkezilýär. Görkeziş başlansoň, düwme ýitýär.
Bu funksiýa häzirki wagtda çäkli mukdardaky ulanyjy üçin elýeterlidir. Synag wersiýasy alternatiw amallary hem öz içine alýar: banner ýa-da YouTube logotipli  adaty düwme.
Şuňa meňzeş çözgütler öň beýleki hyzmatlar tarapyndan hödürlenýärdi. Mysal üçin, Netflix geçen ýyl Surprise Me atly şuňa meňzeş funksiýany goldamagy bes etdi. Ilkibaşda 2021-nji ýylda ol Play Something diýlip atlandyrylýardy.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......