Xiaomi 16 periskopik teleobýektiwi alar we ykjam ekranyny saklap galar

  • 01.01.2025 18:14
  • 3.8k+

Meşhur insaýder Smart Pikachu Xiaomi 16 smartfonynyň güýçli optiki zumy üpjün edýän periskopik teleobýektiwi aljakdygyny aýtdy.

Ozal bu aýratynlyga Xiaomi 15 seriýasynda garaşylýardy, ýöne 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda periskopik obýektiw diňe Xiaomi 15 Pro modelinde peýda boldy.
Kameradan başga-da, Xiaomi 16 smartfony 6,36 dýuýmlyk ykjam ekranyny saklap galar, oňa gündelik ulanyşda amatlydygy sebäpli ulanyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär.
Enjamyň galan häsiýetnamalarynyň Xiaomi 15 modeline ýakyn bolmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda Snapdragon 8 Elite çipseti, 1,5K durulykda AMOLED displeýi, 90 wattlyk zarýad berijili 5400 mAh akkumulýator we dürli yşyklandyryş şertlerinde ýokary hilli suratlary almaga mümkinçilik berýän Leica optikaly  üçlük  50 Mp kamera bar.
Mundan öň Smart Pikachu Xiaomi-niň Xiaomi 13 Ultra we Xiaomi Pad 6 planşetleri ýaly beýleki enjamlarynyň çykjakdygyny takyk çaklapdy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...