Redmi Turbo 4 ilkinji gezek fotosuratda görkezildi

  • 31.12.2024 18:09
  • 9.3k+

Ýakynda Redmi Turbo 4-iň ilkinji görkezilişi bolar, ýöne Internetde eýýäm geljekki smartfonyň dizaýnyny görkezýän surat peýda boldy diýip, ITHome habar berýär.

Suratda enjam Xiaomi-niň beýleki enjamlarynyň gapdalynda görkezilýär we goşa kameraly yzky panelini görüp bolýar.
Mundan başga-da, enjamyň jikme-jik häsiýetnamasy belli. Ondan öň Redmi brendiniň başlygy Turbo 4-iň Dimensity 8400-Ultra bir çipli ulgama esaslanýan  dünýäde ilkinji model boljakdygyny mälim etdi.


Smartfon eýýäm Geekbench-de synagdan geçirildi, bu ýerde ol bir akymly synagda 1642 bal we köp akymly synagda 6056 bal gazandy.
Esasy häsiýetnamasy:

  • Ekrany: 1.5K durulykly IPS
  • Gapdal çarçuwasy: plastik
  • Gapagy: aýna
  • Kamerasy: 50 megapiksel datçik
  • Goragy: IP68
  • Batareýasy: kuwwatlylygy 6500 mAh, 90W zarýad bermegi goldaýar

düýn 09:00
1.1k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...