Samsung Galaxy S25 Ultra barada jikme-jik maglumatlar peýda boldy. Bökdençsiz täzelenmeler, täze kameralar...

  • 31.12.2024 17:35
  • 9.5k+

Internetde ýakynda çykjak Samsung Galaxy S25 Ultra üçin programma üpjünçiliginiň faýllary ýaýradyldy. Şeýle hem enjam barada täze jikme-jiklikleri açyldy diýip, Sammobile habar berýär.

Smartfon kompaniýanyň yzygiderli täzelenmeleri goldaýan ilkinji flagmany bolar. Bu funksiýa aýratyn fleş ýady bölüminiň kömegi bilen programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini fonda gurnamaga mümkinçilik berýär. Ondan öň tehnologiýa Galaxy A55-iň orta segmentinde peýda bolupdy.
Setirdäki beýleki Galaxy S25 we Galaxy S25 Plus ýaly modelleriň bökdençsiz täzelenmeleri goldajagy-goldamajagy belli däl.


Programma üpjünçiliginden syzylyşyna görä, smartfonda 3000 kd/m2-ä çenli iň ýokary ekran ýagtylygy bolar we bu ony bazardaky iň ýagty smartfonlaryň birine öwrer. Galaxy S25 Ultra UFS 4.0 ýady we 5000 mAh akkumulýator bilen üpjün ediler. Şeýle-de bolsa, Google Find My Device smartfon gözleg funksiýasy öçük wagty goldanylmaz.
Programma üpjünçiliginiň kody ähli kameralaryň datçikleri barada jikme-jiklikleri hem açdy. Esasy modul 200 megapikselli Samsung S5KHP2 datçigi bilen üpjün ediler. Optiki zum Sony datçikleri bolan modullar bilen üpjün ediler: 5x ulaltmak üçin 50 megapiksel we 3x ulaltmak üçin 10 megapiksel. Mundan başga-da, 15 MP Samsung datçigi we 12 MP öň kamerasy bolan ultra giň burçly kamera bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...