FIDE Karlseniň jinsisi bilen bagly dawadan soň egin-eşige talabyny gowşatdy

  • 31.12.2024 13:28
  • 6.2k+

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) Nýu-Ýorkda geçirilýän blitz boýunça dünýä çempionatynda dress-kod talaplarynyň gowşadylandygyny habar berdi. Bu barada federasiýanyň prezidenti Arkadiý Dworkowiç mälim etdi.

“Men egin-eşigiň ýerlikliligi bilen bagly çözgüt çykarylanda FIDE-niň resmi wekillerine çeýe bolmaga mümkinçilik berýän çemeleşmäni synap görmek kararyna geldim” – diýip, Dworkowiç aýtdy.

Indi gatnaşyjylara resmi dress-koddan sähel gyşarmalara, mysal üçin, penjegiň stiline laýyk gelýän jinsini geýmäge rugsat berilýär. Dworkowiç üýtgeşmeler hetdenaşa geçmäge sebäp bolmaz diýip ynam bildirdi.

“Galyberse-de, Täze ýyl gelýär we men hiç kim goşmaça çeýelikden hetdenaşa peýdalanyp, baýramçylyk şähdini bozmaga synanyşmaz diýip umyt edýärin” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Bu çözgüt rapid boýunça dünýä çempionatynda Magnus Karlsen bilen bolan dawadan soň kabul edildi. Emin küştçä ýaryşa jinside gelendigi üçin 200 dollar jerime saldy we Karlseniň eşigini üýtgetmegini talap etdi, ýöne norwegiýaly muny etmekden boýun gaçyryp, çempionatdan çekildi. Şeýle-de, ol blitz boýunça ýaryşdan aýrylmak kararyna geldi, ýöne Dworkowiç we ýaryşyň esasy hemaýatkäri, gazagystanly milliarder Timur Turlow ony ynandyryp bildiler diýip, The Guardian ýazýar.

“Dworkowiç we esasy hemaýatkär Turlow bilen gürleşip, men netijeli pikir alşyp biljekdigimizi duýdum we netijede oýnamak kararyna geldim. Mundan başga-da, men blitz-küşti oýnamagy gowy görýärin. Men janköýerlere nähili oýnaýandygymy görmäge mümkinçilik beresim gelýär. Ähtimal, bu iň soňky gezek bolar, kim bilýär” – diýip, Karlsen aýtdy.

Blitz boýunça dünýä çempionaty 30-njy dekabrda başlady. Rapid boýunça ýaryşyň ýeňijisi erkekleriň arasynda 18 ýaşly russiýaly küştçi Wolodar Murzin, zenanlaryň arasynda hindistanly küştçi Hampi Koneru boldy.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......