Samsung Galaxy M16 5G üç reňkde peýda bolar. Renderler çap edildi

  • 30.12.2024 15:19
  • 8.9k+

Android Headlines portaly ýakyn wagtda çykjak Samsung Galaxy M16 5G smartfonynyň renderlerini çap etdi. Enjamyň korpusy üç reňkde bolar: açyk ýaşyl, açyk gülgüne we gara.

Suratlara seretseň, täze önüm Galaxy M15 5G-iň daşky görnüşini gaýtalaýar, öňdäki kamera üçin U şekilli kesigi saklaýar, ýöne ekranyň çarçuwasy has inçelen. Korpusynyň  Galaxy S24 seriýasyny ýada salýan tegelenip gidýän burçlary bar.

“Spesifikasiýa barada aýdylanda, Galaxy M16 5G-den ýokary kuwwata garaşmaň. Onuň ýaňy-ýakynda Geekbench-de peýda bolmagy, Galaxy A16 bilen deň ölçegli 6300 çip bilen işleýändigini tassyklady. Bu modelde 8 Gb RAM bardy, ýöne M16 bilen işe girizilende has köp mümkinçilik hödürlener. Gynansagam, telefonyň programma üpjünçiligi işe girizilende köne bolar, sebäbi öňünden gurlan Android 14 bilen geler "- diýip, Android Headlines ýazýar.

Galaxy M16 5G 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykarylar.
Mundan başga-da, indiki ýyl Samsung premial materiallardan we bir elde ulanmak üçin amatly ykjam dizaýndan peýdalanyp, juda ýuka Galaxy S25 Slim-i hödürläp biler. Bu model barada jikme-jiklikler gaty az, kompaniýa entek beýle gajetiň işlenip taýýarlanjakdygyny resmi taýdan tassyklamady.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...