Alymlar “başga planetaly ösümligiň” özboluşlylygyny tassykladylar

  • 30.12.2024 15:15
  • 9.5k+

Floridanyň Tebigatyň taryhy muzeýiniň barlagçylary Ýuta ştatynyň gündogaryndan tapylan galyndylaryň häzirki bar we ýitip ýok bolup giden görnüşlere ýa-da ösümlik maşgalalaryna degişli däldigini kesgitlediler diýip, Live Science ýazýar.

Otniofiton elongatum atly görnüş, takmynan, mundan 47 million ýyl ozal bar eken. Onuň galyndylary ilkinji gezek 1969-njy ýylda öňki Reýnboý şäheriniň golaýyndan tapyldy.
Stiwen Mançesteriň ýolbaşçylygyndaky topar galyndylary Kaliforniýa uniwersitetiniň Berkli ýygyndysynyň täze nusgasy bilen deňeşdirdi. Alymlar iki nusganyň hem şol bir görnüşe degişlidigini anykladylar. Bu nusga has doly bolup çykdy: mikroskop astynda diňe ýapraklaryny däl, eýsem miwelerini hem öwrenmek başartdy.
Onuň “başga planetaly ösümlik” diýip atlandyrylmagy geň däldir, onuň adynyň terjimesi takmynan şeýle. Barlag Otniofiton elongatum-yň häzirki belli ösümlik maşgalalaryna, şol sanda eýýäm ýok bolup giden maşgalalara degişli däldigini tassyklady. Owal bu görnüşiň ženşen bilen baglanyşykly bolup biljekdigi çaklanypdy, ýöne täze maglumatlar bu çaklamany ret etdi.

"Biz häzirki zamanyň ösümlik görnüşlerinde beýle zady görmedik" – diýip, Mançester habar berdi. Ol adaty bolmadyk bir aýratynlygy belläp geçdi: bu ösümligiň tyçinkasy ekilmäge taýyn ýetişen miwelerde-de saklanýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....