Samsung öz smartfonlarynyň interfeýsininiň global täzelenmesini çykarmaga taýýarlanýar

  • 28.12.2024 18:14
  • 7k+

Samsung 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda çykmagyna garaşylýan uly One UI 7 täzelenmesini çykarmaga taýýarlanýar. Operasion ulgam dizaýn we funksiýa üýtgeşmelerini, şol sanda emeli aň funksiýalarynyň integrasiýasyny alar diýip, Android Police habar berýär.

Häzirki wagtda kompaniýa täzelenmäniň beta wersiýasyny synagdan geçirýär.
Duýduryşlar we çalt sazlama interfeýsi bütinleý täzeden işlenip düzüldi. Indi swaýplar dürli panelleri açýarlar: merkezdäkisi bildirişleri, sag tarapdakysy bolsa sazlamalary.
Nyşanlar we widjetler açyk reňklerde bolup, gulply ekrany bolsa sagat ölçeginiň sazlanmagyny we widjetleriň goşulmagyny goldaýar. Now Bar funksiýasy iň täze maglumatlary görkezýär we teklipleri bermek üçin maşyn öwrenişi ulanýar.
Şeýle hem One UI 7 dürli Galaxy AI gurallaryny hödürleýär: jaň transkripsiýasy, tekst terjimesi we sözleýşi tanamak. Täze zarýad alyş režimleri batareýanyň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.
Täzelenmäniň reliziniň Galaxy S25-iň çykarylmagy bilen gabat gelmegine garaşylýar. Beta wersiýa ABŞ-da, Günorta Koreýada we Germaniýada Galaxy S24 seriýasy üçin elýeterlidir.


11.04.2026 14:59
7.7k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...