31-nji dekabr gijesi asmanda “Gara Aý” dogar

  • 28.12.2024 16:59
  • 13k+

31-nji dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary “Gara Aý” atly seýrek astronomiki hadysanyň şaýady bolup biler. Bu aýda ikinji täze Aýdyr. Bu gije Ýeriň hemrasy görüş meýdanyndan doly ýiter, sebäbi onuň diski bütinleýin Ýeriň kölegesinde bolar diýip, Russiýanyň Nowosibirsk döwlet uniwersitetinde habar berilýär.

“Aýyň bir bölegini eger bu döwürde Aýda onuň üstüne gaçan meteoritden partlama bolan ýagdaýynda görmek bolar, bu hadysa bolsa sagatda bir gezek bolup geçýär. Ýöne bu pursata ýetmek üçin uly sabyr, teleskop we Aýyň häzirki ýerleşýän ýerini yzygiderli wideo düşürýän kameralar gerek” – diýip, NDU-nyň Fizika fakultetiniň okuw astrofiziki awtomatlaşdyrylan toplumynyň müdiri Alfiýa Nesterenko belledi.

Täze Aý astronomiki gözegçilikler üçin örän gowy şertleri döreder, sebäbi asman garaňky bolup, onda ýyldyzlaryň köp bölegi, şeýle-de Ýupiter we Mars ýaly planetalar aýdyň görner.
Ýanwar aýynyň ilkinji hepdesinde Demirgazyk ýarym şarynyň ýaşaýjylary 3-nji ýanwardan 4-nji ýanwara geçilýän gije iň ýokary derejesine ýetjek Kwadrantidler meteor akymyna syn edip biler. Bu döwürde sagatda 200-e golaý meteory görmek bolýar.
Şeýle-de, 10 – 15-nji ýanwarda Güne iň ýakyn aralykdan geçjek C/2024 G3 ATLAS kometasyna garaşylýar.


22.03.2026 16:34
3.8k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...