Türkmenistanda talyplaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi

  • 28.12.2024 09:29
  • 5.1k+

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Kitap bilimiň çeşmesi” atly kitap okamak boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Ýakynda institutyň uly mejlisler zalynda ýeňijilere sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bäsleşide 15 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar bäsleşige gatnaşdy. “Kitap bilimiň çeşmesi” atly bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 4 talypdan ybarat bolan topar gatnaşdy.
Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň netijesi boýunça 7 sany ýokary okuw mekdebi baýrakly orunlara mynasyp boldy. 

  • I orun: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplar topary.
  • II orun: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparlary;
  • III orun: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplar toparlary.

“Kitap bilimiň çeşmesi” atly bäsleşiginde "Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Ogulgözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow emin agzalyk etdi.


16.06.2026 14:46
3.9k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.2k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......