Mersedes dizeli “aýyrmaga” howlukmaýar. Gaýtam, olary gowulaşdyrmak üçin maýa goýýar

  • 27.12.2024 17:13
  • 5.6k+

Globallaşmanyň elektrikleşdirme tarapadygyna garamazdan, Mersedes kompaniýasy dizel bilen işleýän hereketlendirijileri ösdürmegi dowam etdirýär diýip, Motor1 habar berýär.

Dizel hereketlendirijilerine bagyşlanan çärede kompaniýa dizele islegiň henizem ýokarydygyny aýtdy. Ýeňil awtoulag segmentindäki müşderileriň 74% -i, täjirçilik  segmentindäkileriň bolsa  90% dizel ulanýar.
Kompaniýa dizel hereketlendirijilerini öňküdenem netijeli etmek üçin olary  kämilleşdirmeklige ep-esli maýa goýumlaryny bölüp bermäge taýyn. Mysal üçin, 2,0 litrlik dizel hereketlendirijisi bolan A-Class modeli 100 km üçin bary-ýogy 3,4 litr ýangyç sarp edýär we bu ony benzin bilen işleýän, hatda elektrik awtoulaglary bilen deňeşdirilende hem bäsdeşlige ukyply edýär.
Geljekde Mersedes C-Class-dan başlap, orta we ýokary derejeli modellerde dizel hereketlendirijilerini ulanar.
Mundan başga-da, kompaniýa 2025-nji ýylyň martynda täze ýumşak gibrid benzin hereketlendirijisini hödürlemegi meýilleşdirýär.


30.04.2026 16:52
4.3k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:09
3.8k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......

13.04.2026 00:35
7.4k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......