Ispaniýada 2,7 mlrd ýewro gaznaly “El Gordo” Roždestwo lotereýasy oýnaldy

  • 26.12.2024 16:01
  • 4.7k+

Madridde her ýyl millionlarça gatnaşyjyny özüne çekýän we uly baýrak gaznasy bilen belli bolan “El Gordo” Roždestwo lotereýasynyň utuşy geçirildi. Şu ýyl utuş Madriddäki Patyşalyk teatrynda (Teatro Real) geçdi we onuň baýrak gaznasy 2,7 mlrd ýewro boldy.

“El-Gordo” (ispan dilinden terjime edilende “çişik adam”) lotereýasy Ispaniýada 1812-nji ýyldan bäri geçirilýär we Roždestwo däpleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 2024-nji ýylda 20 ýewro bahadan 193 mln petek satuwa çykaryldy. Olaryň köpüsi birmeňzeş belgileri aldy, şol sebäpli baýrak birnäçe adamyň arasynda paýlandy.
Iň uly utuş 400 000 ýewro, iň pesi bolsa 20 ýewro deň. 40 000 ýewrodan başlanýan utuşdan 20% salgyt alynýar. Ýeňiji öz baýragyny 2025-nji ýylyň 22-nji martyna çenli almaly. Bu seneden soň utuş petegi öz güýjüni ýitirýär.
Lotereýa utuşy göni ýaýlymda görkezildi, tomaşaçylar bolsa 100 000 şarly aýlanýan çarhdan belgileriň gaçyşyna sabyrsyzlyk bilen seretdiler.
Petek satuwyndan gelen girdejiler döwlet býujetine goşulýar. Şeýlelikde, “El Gordo” ýurt üçin möhüm syýasy we ykdysady waka öwrülýär.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......