Volkswagen 35 müň işgärini azaldar we Golf-yň önümçiligini Meksika göçürer

  • 26.12.2024 07:34
  • 5.7k+

Volkswagen kompaniýasy IG Metall-iň kärdeşler arkalaşygy bilen önümçilik proseslerini giňişleýin gowulandyrmak barada ylalaşyk gazandy diýip, Carscoops habar berýär.

Kompaniýa 35 müň iş ýerini azaltmagy we nemes zawodlarynda awtoulag önümçiligini ýylda 734 müň birlik azaltmagy meýilleşdirýär. Bu konserne ýylda 15 milliard ýewro tygşytlamaga we serişdeleri täze önümleri öndürmeklige gönükdirmäge mümkinçilik berer.
Elektrikli Golf-yň we SSP platformasyndaky täze modeliň önümçiligi Wolfsburgda ýola goýlar. Golf-yň ýangyç bilen işleýän görnüşleri bolsa 2027-nji ýyldan başlap  Meksikada ýygnalar. Swikkaudaky we Emdendäki zawodlar Audi we VW ID.7 elektromobillerini öndürmegi dowam etdirer.
Üýtgedip gurmagyň çäklerinde Volkswagen 2025-nji ýylyň ahyrynda Drezdendäki Aýna manufakturasyny ýapmagy meýilleşdirýär. Beýleki meýdançalar açyklygyna galar, ýöne ýylda 500 million ýewro tygşytlamak üçin çeýe shemalary girizer.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......