Hytaýda Londondan Nýu-Ýorka 2 sagatda baryp bilýän uçaryň taslamasy düzülýär

  • 25.12.2024 11:50
  • 13k+

Hytaýyň Space Transportation kompaniýasy Londondan Nýu-Ýorka çenli aralygy iki sagatda geçip bilýän Yunxing atly sesiň tizligindäki uçaryň taslamasyny hödürledi. Ýakynda Jindouyun hereketlendirijileri synaglarda ajaýyp netijeleri görkezdi diýip, South China Morning Post habar berýär.

Hereketlendiriji 4 Mah (sesiň tizligi) ýa-da sagatda 3,045 mil (sagatda 4900 km) bellige ýetdi, bu sesiň ýyndamlygynda uçýan meşhur britan-fransuz ýolagçy uçary bolan Concorde-den iki esse we NASA-nyň Son of Concorde uçaryndan üç esse çaltdyr.
Jindouyun hereketlendirijisi adyny Hytaýyň meşhur “Maýmynlaryň şasy” (“Царь обезьян”) romanynda Maýmynlaryň şasynyň uçan buludyndan alýar. Bu öz hereketiniň hasabyna howany gysýan howa-reaktiw hereketlendirijisidir. Ol täze Yunxing uçary üçin esas bolar.
Uçaryň ilkinji synag uçuşyny 2027-nji ýylda, täjirçilik uçuşyny bolsa 2030-njy ýylda amala aşymak meýilleşdirilýär.
Yunxing ýokary temperatura çydap bilýän innowasion materiallary ulanar. Uçar dikligine uçup we gonup biler, bu bolsa uçuşlar üçin kiçi howa menzillerini ulanmaga mümkinçilik döreder. Ýolagçylar ýokary belentliklerden Ýeriň egriligini synlap bilerler.
Taslama 2029-njy ýylda özüniň Overture uçaryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýän Boom Supersonic ýaly, amerikan kompaniýalarynyň işläp taýýarlaýyşlary bilen bäsleşýär. Işläp taýýarlaýjylar Yunxing 20 ýyldan soň, Concorde-niň edip bilmedik zadyny edip, sesiň ýyndamlygyndaky täjirçilik uçuşlarynyň täze eýýämyny açar  diýip umyt edýärler. Ol ilkinji gezek 1976-njy ýylda uçupdy, ýöne heläkçiligiň ýüze çykmagy, ýangyjynyň bahasynyň gymmatdygy we sesiniň çäklendirilmegi sebäpli, 2003-nji ýylda ulanyşdan aýrylypdy. Taslama ýapylany bäri sesiň ýyndamlygynda uçýan ýekeje uçar hem döredilmändi.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......