“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny aldy

  • 25.12.2024 10:14
  • 10k+

Arkadag şäheriniň adybir topary “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda geçen ýyl finalda çykyş eden “Ahal” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we Türkmenistanyň Kubogyny aldy.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygynyň 45-nji minudynda “Arkadag” toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedow ýeke-täk goly geçirdi.
2023-nji ýylyň başynda döredilen “Arkadag” topary Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazandy. Geçen möwsüm geçirilen birinji final duşuşygynda bu topar “Ahaly” 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.
“Ahal” topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde dört gezek ýeňiş gazanmagy başardy.
Şu ýylyň dowamynda dürli ýaryşlarda bu toparlar bäş gezek özara güýç synanyşdylar. Olaryň hemmesinde hem ýeňiş “Arkadag” toparynyň tarapynda boldy: Türkmenistanyň “Ýokary Ligasynyň” çäginde – 4:1, 4:0, 5:1, 2:1, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda – 3:1.


düýn 14:33
9.4k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......