Google ýüklenen resminamalar boýunça gözleg funksiýasyny synagdan geçirýär

  • 24.12.2024 16:14
  • 1.6k+

Google ýerli gurluşlardan ýüklenen resminamalardaky maglumaty gözlemäge mümkinçilik berýän täze funksiýany synap başlady diýip, “Haýtek” habar berýär.

Gözleg setirinde skrepka görnüşinde düwme peýda boldy we onuň kömegi bilen ýerli gurluşdan faýly ýükläp bolýar. Ýüklemeden soň ulgam göni gözleg setirinde faýlyň mazmuny barada islendik soragy bermegi teklip edýär.
Synag funksiýasy faýlyň tekstini seljerýär we degişli soraglara jogap berýär.
Resminamany ýüklemek üçin skrepka ses gözlegi we “Obýektiw” düwmeleriniň gapdalynda ýerleşendir. Bu funksiýa ChatGPT we Google Gemini (Gemini Advanced ýazylyşygy bilen) ýaly käbir hyzmatlarda eýýäm bar. Ýöne onuň mugt Google gözleg ulgamyna girizilmegi has giň auditoriýany özüne çekip biler.
Şeýle-de bolsa, funksiýa maglumatlaryň howpsuzlygy babatda alada döredýär. Google ýüklenen faýllaryň nähili goraljakdygyny anyklaşdyrmady we bu gizlin maglumatly ulanyjylar üçin töwekgelçilikli bolup biler.
Häzirki wagtda täze funksiýa synag tapgyrynda bolup, onuň köpçülikleýin elýeterli boljakdygy we ykjam Google programmalarynda peýda boljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....