Слияние Honda и Nissan сделает их третьим крупнейшим автопроизводителем в мире

  • 24.12.2024 15:49
  • 8.6k+

Ýaponiýanyň Honda we Nissan kompaniýalary birleşmek baradaky gepleşiklere başladylar. Bu olary ululygy boýunça dünýäde üçünji uly awtoulag öndürijisine öwrer.

23-nji dekabrda Nissan-yň web sahypasynda "ara alyp maslahatlaşmaga başlamak we bilelikdäki Holding kompaniýasyny döretmek arkaly iki kompaniýanyň işini birleşdirmek mümkinçiligini öwrenmek üçin özara düşünişmek hakynda Ähtnama" gol çekilendigi habar berildi. Şeýle hem, Honda we Nissan bu topara goşulmagy göz öňünde tutmak üçin ýene bir ýapon öndürijisi - Mitsubishi Motors bilen aýratyn Ähtnama gol çekişdiler. Nissan Mitsubishi-niň esasy paýdarydyr.
Honda-nyň ýolbaşçysy Tosihiro Mibeniň sözlerine görä, birleşmek täze bäsdeşlere garşy durmak üçin zerurdyr.

“Hytaý awtoulag öndürijileriniň we täze bäsdeşleriň peýda bolmagy awtoulag pudagyny düýpgöter üýtgetdi. 2030-njy ýyla çenli olara garşy göreşmek üçin mümkinçiliklerimizi ösdürmeli, ýogsam ýeňleris "-diýip, Reuters agentligi Mibeniň sözlerini getirýär.

Birleşilen ýagdaýynda, bilelikdäki kompaniýanyň satuwy 30 trillion ýena (191 milliard dollar) ýeter, girdejisi bolsa 3 trillion ýenadan (19 milliard dollar) geçer.
Mitsubishi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli täze topara goşulyp-goşulmazlyk barada belli karara gelmeli.
Birleşmek baradaky gepleşikleri 2025-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak, holdingi 2026-njy ýylyň awgustynda döretmek meýilleşdirilýär. Birleşdirilen kompaniýanyň direktorlar geňeşindäki orunlaryň köpüsini Honda-nyň wekilleri eýelär diýlip garaşylýar.

Netijede, kompaniýalar Hyundai-ýy we Kia-ny yzda galdyryp, Toyota-dan we Volkswagen-den soň dünýäde üçünji orny eýelär.

Gepleşikleriň başlandygy baradaky habarlaryň esasynda ABŞ-nyň söwda bazarynda Honda-nyň paýnamalary takmynan 16% ýokarlandy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota и Nissan предупредили японцев об особенностях машин американской сборки

Toyota и Nissan предупредили японских покупателей о возможных особенностях своих автомобилей, произведённых на американских предприятиях. Речь идёт о моделях Toyota Tundra, Toyota Highlander и Nissan Murano,......

12.06.2026 01:38
7.6k+

Японские машины оказались самыми долгоживущими: доказано исследованием

Аналитики из iSeeCars изучили открытые данные о пробеге более чем 174 тысяч автомобилей и определили производителей, чьи машины с наибольшей вероятностью способны преодолеть планку в 250 тысяч миль (около 400......

08.06.2026 16:02
2.1k+

Nissan подколола Ferrari из-за внешнего сходства Luce с Leaf

Компания Nissan подколола Ferrari после того, как пользователи Сети заметили внешнее сходство между новым суперкаром Ferrari Luce и массовым электромобилем Nissan Leaf третьего поколения....

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan спустя 19 лет вернул на рынок Primera, но в виде батарейного фастбека

Компания Nissan представила новое поколение модели Primera, которая отсутствовала на рынке с 2007 года. Публичная премьера автомобиля состоялась на Филиппинском международном автосалоне (PIMS)....