Alymlar adam pikiriniň tizligini ölçediler: sekuntda 10 bit

  • 24.12.2024 10:04
  • 5.5k+

Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň (Kalteh) alymlary adamyň pikirleniş prosesiniň tizligini ölçemek kararyna geldiler. Seljeriş işinde hünärmenler maglumat teoriýasynyň usullaryna we adamyň okamakda, ýazmakda, wideo oýunlarda we Rubigiň kubigini düzmekde özüni alyp barşy baradaky maglumatlara bil bagladylar. Netijeler garaşylmadyk boldy: sekuntda bary-ýogy 10 bit we bu adamyň duýgur ulgamlarynyň işinden ýüzlerçe million esse haýaldyr.

Deňeşdirmek üçin, hatda 50 ýyl ozal döredilen prosessorlar hem çalt işleýärdi. Adamyň duýgur ulgamlary daşky dünýäden maglumatlary sekuntda milliard bit tizlik bilen, ýagny pikirleniş prosesinden 100 mln esse tiz ýygnaýar.

“Bu örän pes görkeziji. Her pursat biz duýgularymyzyň kabul edýän trillionyndan bary-ýogy 10 bit aýyrýarys we bu 10-y daşky dünýäni kabul etmek we çözgüt kabul etmek üçin ulanýarys. Bu paradoks döredýär: beýni bu maglumatlaryň ählisini süzmek üçin näme edýär?” – diýip, ylmy gözlegiň ýolbaşçysy professor Markus Meýster soragly ýüzlenýär.

Şol bir wagtyň özünde adam beýnisinde 85 milliarddan gowrak neýron bolup, şolaryň üçden biri kelle beýnisiniň gabygynda ýerleşýär we ýokary derejeli pikirlenmä gatnaşýar. Aýry-aýry neýronlar güýçli maglumat prosessorlary bolup, sekuntda 10 bitden has köp maglumaty aňsatlyk bilen geçirip bilerdi, ýöne bu näme üçindir beýle bolmaýar.
Alymlar ugurdaş işlemäge ukyply bolan duýgur ulgamlaryndan tapawutlylykda beýniniň bir gezekde näme üçin birnäçe däl-de, bir pikiri işleýändigine düşünip bilmeýärler. Meýsteriň pikiriçe, bu çäklendirme beýniniň ewolýusiýasy bilen baglanyşykly bolup biler: adamzadyň ilki dörän wagty beýni, esasan, iýmit tapar, ýyrtyjylardan goranar ýaly nawigasiýa üçin ulanylypdyr. Şol sebäpli çäklendirme beýniniň arhitekturasynda kodlanan bolmaly.

“Biziň ata-babalarymyz ýaşamagy mümkin etmek üçin dünýäniň ýeterlik derejede haýal bolan ekologiki ýerini saýlapdyrlar. Aslynda, sekuntda 10 bit diňe erbet ýagdaýlarda gerek, wagtyň köp böleginde bolsa daşky gurşaw has haýal depginde üýtgeýär” – diýip, alym çaklaýar.

Bu netijeler beýniniň kompýuter bilen çalt gatnaşygy üçin bökdençlik bolup biler, sebäbi adam beýnisi maglumaty diňe sekuntda 10 bit tizlik bilen geçirer.


17.06.2026 11:37
4.7k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.5k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.9k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......