Xiaomi öwrediji funksiýaly jübi terjimeçisini çykardy. Ol 0,3 sekuntda terjime edýär

  • 22.12.2024 23:37
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasy terjime ediji we öwrediji funksiýalary birleşdirýän ykjam enjam bolan Mijia Dictionary Pen C1 gajetini çykardy. Sözlük ruçkasy tekst skaneri bilen enjamlaşdyrylandyr we 0,3 sekuntda çalt terjime edilmegini goldaýar. OCR ulgamynyň kömegi arkaly tanamak takyklygy 98%-e ýetýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Gajet okamak we nawigasiýa üçin 3,02 dýuýmlyk ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem enjam Wi-Fi ulanmazdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän oflaýn režimde işleýär. Şeýle hem ol ses gözlegini goldaýar. Dessine terjime etmek üçin daşyňdan, sesli geplemek ýeterlikdir.
Dictionary Pen C1-iň 26 milliondan gowrak makala esaslanýan maglumat bazasy bar. Ol başlangyç, orta we ýokary mekdep derejelerini goldaýar. AI-niň goldawy netijesinde sözlük ruçkasy düşündiriş berip hem-de sözleriň sözlemde we dürli grammatiki gurluşlarda ulanylyşynyň mysallaryny berip bilýär. Şeýle hem ulanyja netijeli öwrenmek üçin fonetika we mnemonika degişli gönükmeler hem hödürlenýär.
Garaşma režiminde batareýanyň ömri 100 güne ýetýär, 32 Gb-lyk içerki ýat bolsa öz sözlükleriňizi döretmäge we täzelenmeleri göçürip almaga mümkinçilik berýär.
Galam 349 ýuan (takmynan 50 dollar) bahadan satylýar. Häzirki wagtda enjam hytaý we iňlis dillerini öwretmek üçin niýetlenendir.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...