Energiýamy ýa-da ekologiýa? Rogun GES-i we onuň Merkezi Aziýa sebitine täsiri

  • 22.12.2024 23:14
  • 7.1k+

Täjigistanda Rogun GES-niň (gidroelektrik stansiýasy) gurluşygy ekologiýa nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, durmuş-ykdysady babatda hem köp sanly soraglary ýüze çykarýar. Dünýäde iň iri GES-leriň biri bolmaga dalaş edýän bu taslama şol bir wagtda daşky gurşaw we ýerli ilat üçin çynlakaý töwekgelçilikleri hem döredip biler.

Ekologiýa meseleleri
335 metr beýiklikdäki bendiň gurluşygy Wahş we Amyderýa derýalarynyň ekoulgamlaryna uly täsir ýetirip biler. Taslamanyň çägindäki suw howdany derýalaryň tebigy akymyna täsir edip, Täjigistanyň we goňşy döwletleriň oba hojalyk ýerlerine zyýan ýetirip biler. Bu täsir, suw üpjünçiligine bagly bolan ýedi milliondan gowrak ilatyň ekin meýdanlarynda ýaramaz täsirini galdyrar.
Mundan başga-da, taslama ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen "Tigrowaýa balka" goraghanasyna hem howp salýar. Bu sebitde seýrek duş gelýän ösümlik we haýwan görnüşleri bolup, ekoulgamlaryna täsir edilmegi bilen olara ýok bolup gitmek howpy abanyp biler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler
GES-niň energiýanyň arassa çeşmesi hökmünde mahabatlandyrylmagyna garamazdan, taslama Täjigistanyň energiýa ulgamynyň uglerod yzyny 60% ýokarlandyryp biler. Suw howdanyndan çykýan bug gazlarynyň emissiýasy sebitiň dekarbonizasiýa bilen bagly maksatlaryny şübhe astyna goýýar.

Näme teklip edip bolýar?
"Serhetsiz derýalar" ýaly ekologiýa guramalary dürli çemeleşmeleri hödürleýär. Meselem: bentiň beýikligini 70 metr peseltmek arkaly:

  1. 40 müňden gowrak adamyň öz öýlerini terk etmeginiň öňüni alyp bolar;
  2. Täjigistanyň gyş paslynda energiýa ýetmezçiligini aradan aýyrmaklygy ozalky meýilnamada bellenilen möhletden birnäçe ýyl öň gazanmak;
  3. Bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak;
  4. Elektrik energiýasynyň bahasyny arzanlatmak we taslamanyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak.

Halkara maliýeleşdiriş we guramalaryň garaýyşlary
Bütindünýä Banky taslamanyň ilkinji tapgyry üçin 350 million dollar, Kuweýt gaznasy bolsa 100 million dollar maliýe serişdelerini bölüp berdi. Bu maýa goýumlar Täjigistanyň ilaty üçin elektrik energiýasyna elýeterliligi gowulandyrmaga we arassa energiýany goňşy ýurtlara eksport etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de bolsa, maliýe guramalary halkara ekologiýa standartlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin berk gözegçilik çäreleriniň zerurdygyny belleýärler.

Hukuk meseleleri
Sebitiň suw serişdelerini ulanmak bilen bagly meseleler BMG-niň serhetüsti suw akymlary baradaky Konwensiýasyna laýyk bolmalydyr. Häzirki hereketler bolsa goňşy ýurtlaryň bähbitlerini inkär edip biler. Bu bolsa Konwensiýanyň düzgünleriniň bozulmagyna getirer.

Netije
Rogun GES-i bilen bagly ýagdaý ykdysady ösüş zerurlyklary bilen ekologiýa durnuklylygynyň arasyndaky çylşyrymly gapma-garşylygy görkezýär. Ekologlaryň alternatiw meýilnamalary göz öňünde tutulmazdan maliýeleşdirilýän taslama tebigy serişdeler we sebitiň durnuklylygy üçin howp döredýär.
Töwekgelçilikleri azaltmak üçin gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda açyk gepleşikleri geçirmek we netijeleri has ýakyndan seljermäge degişli çäreleri görmek zerurdyr. Ekologiýa töwekgelçiliklerine göz ýummak, Aral deňziniň betbagtçylygy bilen deňeşdirilýän uzakmöhletleýin ýaramaz täsirlere getirip biler.
Amyderýanyň ekologiýasyny goramak – sebitdäki ähli ýurtlar üçin möhüm wezipedir. Bilelikdäki tagallalar geljek nesiller üçin durnukly ösüşi we ýagty geljegi üpjün edip biler.


05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....