Galaxy S25 Ultra-nyň çarçuwasy iPhone 16 Pro Max-yňkydan we Xiaomi 15-den hem has inçe bolar

  • 22.12.2024 16:45
  • 10k+

Samsung kompaniýasynyň täze önümleri barada köplenç ygtybarly maglumatlary paýlaşýan Ice Universe insaýdery “Galaxy S25 Ultranyň flagman smartfonlaryň arasynda iň inçe çarçuwaly boljakdygyny aýdýar.

Bu smartfonyň inçeligi hatda "Xiaomi 15" we "iPhone 16 Pro Max" ýaly telefonlardan hem ýuka bolar.

“S25 Ultranyň görkezijilerini gördüm, gaty owadan, ýöne gynansagam, ol barada doly maglumatlary häzir çap edip bilemok. Onuň ramkasynyň inçeligi "Xiaomi 15" we "iPhone16 Pro Max" ýaly häzirki zaman ykjam telefonlaryndan has ýokarydyr" diýip, çeşmäniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Ýöne “Ice Universe” täze smartfonyň reňklerini mälim etdi:

  • Gök: açyk gök göwre, gök öwüsýän kümüş gapdal ramka (çarçuwa).
  • Gara: Gara arka gapak we kümüş ramka (çarçuwa).
  • Ak: Ak göwre we gaty ýeňil kümüş ramka (çarçuwa).
  • Çal reňk: Altyn äheňli we ramkasy (çarçuwasy) çal reňkli.

“Galaxy S25 Ultranyň" 2025-nji ýylyň ýanwar ýa-da fewral aýynda tanyşdyrylyşynyň bolmagyna garaşylýar diýip, ixbt.com ýazýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....