Financial Times neşiri Trampy ýylyň adamy hökmünde saýlady

  • 20.12.2024 21:42
  • 8.7k+

Financial Times ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampa ýylyň adamy titulyny berdi. Britaniýanyň abraýly neşiri onuň uly syýasata gaýdyp gelmeginiň özboluşlylygyny belledi.

Bu eýýäm neşir tarapyndan Trampyň ikinji gezek şeýle ykrar edilmegidir. Ilkinji gezek syýasatçy şeýle ada 2016-njy ýylda, üstünlik gazanmak ähtimallygynyň pes wagty ýeňiş gazanmagy sebäpli mynasyp boldy. 
2024-nji ýylda hünärmenler onuň Ak öýe gaýdyp gelmegini häzirkizaman amerikan syýasatynyň iň dramatik wakasy diýip häsiýetlendirdiler.

“Indi ähmiýetsiz waka ýaly Trampdan ýüzüňi sowup bolmaýar” – diýlip materialda aýdylýar.

Belläp geçsek, 5-nji noýabrda geçen saýlawlarda 78 ýaşly Donald Trampyň ýeňiş gazanmagy ony ýeňlişinden soň, Ak öýe gaýdyp gelen ABŞ-nyň ikinji Prezidentine öwürdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ilkinji şeýle Prezident Grower Kliwlend bolupdy. Ol 1884-nji, 1888-nji we 1892-nji ýyllarda yzygider üç saýlawa gatnaşdy, ýöne diňe 1884-nji we 1892-nji ýyllarda ýeňiş gazanyp bildi.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda Financial Times tarapyndan ýylyň adamy hökmünde Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtika kompaniýasynyň ýolbaşçysy Lars Ýorgensen saýlandy.
Mundan öň Time neşiri Trampy “Ýylyň adamy” diýip ykrar etdi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......