MrBeast wideo düşürmek üçin Gizadaky piramidalary 100 sagatlyk kärendesine aldy

  • 20.12.2024 20:58
  • 8k+

Amerikaly bloger MrBeast (hakyky ady – Jeýms Donaldson) täze wideo düşürmek üçin Gizadaky piramidalara girmek mümkinçiligini aldy. Ýutuber olaryň syrlaryny öwrenmek we tomaşaçylara näbelli zatlary görkezmek isleýär diýip, Sportskeeda habar berýär.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, bloger Müsüriň hökümeti bilen ylalaşyp, bu ýadygärlikleri 100 sagatlyk kärendesine aldy we üç piramida girmäge mümkinçilik gazandy.

“Biz ygtyýarymyza berlen piramidada ýatarys” – diýip, Donaldson Beyond the Record podkastynda gürrüň berdi.

MrBeast bu gadymy desgalaryň syrlaryny açmagy umyt edýär.

“Men hiç haçan içinde bolmandym. Haýsydyr bir syrlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, ähli otaglara we aramgählere aýlanyp görmek isleýärin” – diýip, ol belledi.

Wideo düşürmek üçin bloger hemmelere belli bolmadyk ýerleri görkezjek Müsüri öwrenýän alym hünärmeni çagyrdy. Şeýle-de, MrBeast-iň topary adaty bolmadyk hadysalary öwrenmek üçin enjamlary ulanmakçy bolýar. Ýöne Donaldsonyň özi bu pikirlere müňkürlik bilen garaýar: “Olar arwahlaryň we beýlekileriň bardygyny duýmak üçin özleri bilen gajetleriň ähli görnüşini alar, men muny hilegärlik hasaplaýaryn”.
Mundan öň MrBeast “Beast Games” şouwyny yglan etdi we ol munuň üçin 14 mln dollara şäher gurdy. 


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......