Apple Täze ýyl mynasybetli Apple Watch-yň eýeleri üçin synag gurnaýar

  • 20.12.2024 12:15
  • 2.5k+

Apple kompaniýasy Apple Watch-yň eýeleri üçin täze çellenjiň (synag, ýumuş) başlanýandygyny yglan etdi. Bu barada MacRumors habar berýär.

Täze ýyl mynasybetli çellenj 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başlar. Gatnaşyjylar her gün işjeňlik bilen bagly üç ýumşy ýerine ýetirmeli bolar: durmak, türgenleşik we hereket. Baýrak almak üçin ýanwar aýynyň islendik günleri yzygider ýedi günüň dowamynda üç ýumşuň ählisini ýerine ýetirmelidir.
Öňki çellenjlerde bolşy ýaly, gatnaşyjylar ýörite baýraklary alar, olary Fitness programmasynda görmek bolýar. Şeýle-de, olar Messages programmasynda ulanmak üçin animirlenen stikerler toplumyny alar.
Şeýle etmek bilen kompaniýa ulanyjylary yzygiderli fiziki işjeňlige we ýylyň dowamynda fitnes maksatlaryna ýetmäge höweslendirmek isleýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...