Kakaonyň bahasy ýetmezçilik sebäpli taryhda ilkinji gezek bir tonna üçin 12 müň dollardan geçdi

  • 20.12.2024 08:04
  • 4.6k+

Kakao noýbalarynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir tonna üçin 12 müň dollardan geçdi. 18-nji dekabrda Nýu-Ýorkuň söwda biržasynda (NYMEX) geçirilen söwdada mart fýuçersleri 3,9% ýokarlanyp, bir tonna üçin 12 224 dollara ýetdi, soňra 12 100 dollara çenli pese düşdi.

Rekord ösüş gurakçylyk we yssy howa sebäpli Kot-d’Iwuarda önümçiligiň peselmeginden howatyrlanmak bilen baglanyşyklydyr. Kot-d’Iwuar iň uly kakao öndürijisi bolup, global möçberiň üçden bir böleginden köpüsini üpjün edýär. Bloomberg analitikleriniň hasaplamalary boýunça, 2024-2025 möwsümi ýurda, takmynan, 1,9 mln tonna getirer we bu resmi çaklamadan 10% azdyr.
Şu ýyl kakao üçin fýuçersler Günbatar Afrikada hasylyň pes bolmagy sebäpli tas üç esse gymmatlady, bu hem tutuş taryhyň dowamynda bazarda iň uly ýetmezçilige getirip, eksportçylary ätiýaçlyklary satmaga mejbur etdi.
Dekabr aýynyň başynda Reuters şu möwsümde portlara kakao noýbalarynyň iberilişiniň 2023-2024 möwsüminiň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% ýokarlanandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, bazar üçin geçen möwsüm soňky onýyllykda iň ýaramazy boldy. Eger üpjünçilik möçberini adaty 2022-nji ýyl möwsümi bilen deňeşdirseň, ol 15% pesdir diýip, agentligiň çeşmesi belleýär.
Niderlandlaryň ING bankynyň strategleri 2025-nji ýylyň dowamynda kakao bahalary durnuksyz bolar diýip hasaplaýar.

şu gün 07:51
507

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.3k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.5k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
883

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......