NASA astronawtlaryň HKS-den yzyna gaýdyp gelmegini ýene yza süýşürdi

  • 20.12.2024 08:02
  • 6.7k+

NASA Crew-9 kapsulasynda astronawtlaryň yzyna gaýdyp gelmegini ýene yza süýşürdi. Indi ekipažyň 2025-nji ýylyň mart ýa-da aprel aýynyň ahyrynda gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär. Öň, olar fewralda yzyna gaýtarylmalydy. 

Ýatlap geçsek, iýun aýynda NASA-nyň astronawtlary Butç Uilmor we Sunita Uilýams Boeing kompaniýasynyň ilkinji dolandyrylýan Starliner gämisinde HKS-e ugradylar. Ilkibaşda olar ol ýerde 10 gün töweregi bolar diýlip çaklanyldy, ýöne gämi bilen bagly näsazlyklar olary stansiýada has uzak galmaga mejbur etdi.
Şonda NASA Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna ýüz tutdy we kompaniýa 28-nji sentýabrda SpaceX Crew-9 missiýasy bilen Crew Dragon C212 (Freedom) kosmos gämisini uçurdy. 30-njy sentýabrda gämi HKS-iň amerikan segmentiniň “Sazlaşyk” moduly bilen birleşdi. Ekipažly  kapsulanyň yzyna gaýdyp gelmegini fewral aýynda amala aşyrmak meýilleşdirilipdi, ýöne indi senäniň mart aýynyň ahyryna geçirilendigi belli boldy. Uilmor bilen Uilýoms HKS-de ýene bir aý uzak garaşmaly bolar. Olardan başga-da Crew Dragon Ýere astronawt Nik Heýgi we kosmonawt Aleksandr Gorbunowy getirer.
NASA-nyň täjirçilik ekipažlary programmasynyň menejeri Stiw Stiç möhletiň süýşürilmegini stansiýa çalyşýan ekipažy eltjek indiki Crew-10 missiýasynyň taýýarlygynda öňden görülmedik gijikdirmeler bilen düşündirdi. Esasy kynçylyk SpaceX kompaniýasynyň täze Dragon gämisini işläp taýýarlamakda we synagdan geçirmekde jemlenýär.
Müňlerçe bölekleri we ulgamlaryň ençeme gezek barlanmagyny öz içine alýan häzirkizaman kosmos gämilerini ýygnamak kynçylygy köp wagt we ownuk zatlara üns berilmegini talap edýär, bu hem uçuş meýilnamasynyň üýtgedilmegine getirdi. Indi NASA Crew-10-y uçurmak üçin gutarnykly möhlet bolmasa-da, 2025-nji ýylyň martyny ýa-da aprelini göz öňünde tutýar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......