Apple 20 dýuým displeýli eplenýän iPad çykarmagy meýilleşdirýär

  • 19.12.2024 11:56
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy çeýe ekranly ilkinji eplenýän planşetini işläp taýýarlaýar diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär. Gurluşyň “biri-biriniň gapdalynda ýerleşen iki iPad Pro-nyň ululygyna çenli ýazyljak ägirt iPad-e deň” bolmagyna garaşylýar.

Kompaniýa ekrandaky epinleriň aýrylmagyna aýratyn üns berýär. Gurmanyň aýtmagyna görä, häzirki prototipler eýýäm bu epinleri azaldýar, ýöne Apple ony düýbünden aýyrmaga çalyşýar. Samsung ýaly bäsdeşler, eplenýän gurluşlary döretmek tejribesiniň bardygyna garamazdan, häzire çenli bu ugurda üstünlik gazanyp bilmedi.
Açylan ýagdaýynda täze planşetiň diagonaly, takmynan, 20 dýuým bolar. Gurman ony “bitewi, üznüksiz aýna bölegi” diýip häsiýetlendirýär.
Gurluş 2028-nji ýyla çenli macOS programmalaryny goldap biljek iPadOS-yň dolandyrmagynda işlär.

“Men bu iPad bilen Mac-yň hakyky gibridi bolar diýip pikir edemok, ýöne ol iki gurluşyň hem elementlerini alar. iPadOS 2028-nji ýyla çenli macOS programmalaryny işe girizmek üçin ýeterlik derejede ösen bolmaly” – diýip, Gurman belleýär.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...