TikTok-yň ulanyjylary awtomobillerden has köp CO2 zyňyndylaryny öndürýärler

  • 18.12.2024 18:56
  • 10k+

TikTok iň köp uglerod zyňyndysyny goýberýän sosial ulgamlaryň biri bolup çykdy, ol bu görkeziji boýunça diňe YouTube-dan yza galyp, ikinji orny eýeleýär. Platformanyň ýyllyk zyňyndylary tutuş bir ýurduň zyňyndylary bilen deňleşýär. Meşhur sosial ulgamlaryň uglerod yzlaryna Greenly konsalting kompaniýasy öz ylmy gözleginde baha berdi diýip, The Guardian ýazýar.

Şeýlelikde, TikTok-y ulanmagyň ortaça bir minutynda 2,921 gram CO2 bölünip çykýar. YouTube platformasynda birneme köp – 2,923 gram, Instagram-da bolsa bu görkeziji 2,912 grama deňdir.
Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylaryň TikTok-a sarp edýän ortaça wagty bäsdeşlerinden ep-esli köpdür. Her gün bir ulanyjy programmada, takmynan, 45,5 minut, Instagram-da bolsa 30,6 minut sarp edýär. Netijede, TikTok-yň bir ulanyjysynyň ýyllyk uglerod yzy 48,49 kg kömürturşy gazyna ýetýär, bu bolsa benzin awtomobilinde 198 km geçilen menzile deňdir. YouTube-da bu görkeziji 40,17 kg, Instagram-da 32,52 kg barabar.
Bir ýylda TikTok-yň umumy uglerod yzy tutuş bir ýurduň, mysal üçin, Gresiýanyň zyňyndylaryndan hem köp boldy. Ylmy gözleg zyňyndylaryň, esasan, maglumat merkezleri (99%) we zarýad beriji gurluşlar bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. 


16.06.2026 23:19
1.9k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 07:44
6.5k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......