Ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragyny “ManÝunaýtediň” oýunçysy Garnaço aldy

  • 18.12.2024 16:16
  • 10k+

“Mançester Ýunaýtediň” 20 ýaşly argentinaly ýarymgoragçysy Alehandro Garnaço geçen möwsümiň jemi boýunça iň gowy gol üçin Puşkaş baýragyny aldy. Baýrak oňa sişenbe güni Kataryň Doha şäherinde geçirilen The Best FIFA Football Awards 2024 dabarasynda gowşuryldy.

FIFA Garnaço bu baýragy “MÝ-niň” düzüminde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Angliýanyň Premýer-ligasynyň oýnunda “Ewertonyň” derwezesine geçiren goly üçin berdi. Argentinaly oýnuň üçünji minutynda uçup gelýän topy depip, üstaşyr gol saldy. Şol duşuşykda “gyzyl arwahlar” 0:3 hasabynda utdy.
Garnaçonyň goly Kriştianu Ronaldunyň 2018-nji ýylda Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynda “Realyň” “Ýuwentusa” garşy oýnunda salan goly bilen deňeşdirilýär. Gyzykly ýeri, Garnaço öz goluny portugaliýaly futbolçynyň stilinde baýram etdi.
Belläp geçsek, Garnaço Puşkaş baýragyna mynasyp bolan ikinji argentinaly boldy. Birinjisi 2020/21 möwsüminde “Tottenhem” üçin “Arsenalyň” derwezesine “rabona” (atanaklaýyn urgy) usuly bilen gol salan Erik Lamelady.
Puşkaş baýragyna 2023-nji ýylyň awgustyndan 2024-nji ýylyň awgusty aralygynda dünýä boýunça professional futbolçylar tarapyndan salnan gollar dalaş etdi. Iň gowy gol FIFA-nyň saýtynda ulanyjylaryň ses bermegi netijesinde saýlandy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....