Bitkoin hepdäni bahasynyň täze rekord derejesi bilen başlady. Indi ol 106 müň dollardan geçdi

  • 17.12.2024 20:04
  • 4.5k+

Bitkoin duşenbe güni bahasynyň iň ýokary derejesini ýene bir gezek täzeledi. Bir bitkoiniň bahasy 106,533 dollara ýetdi. ABŞ-nyň prezident saýlawynda Donald Trampyň ýeňşinden soň, kripto walýuta bazaryndaky ösüş artmagyny dowam etdirýär.

Kripto walýutalary Ak tamyň saýlanan Prezidentiniň köp sanly tarapdarlary, şol sanda täze Hökümetde esasy wezipeleri eýeläp biljekler goldaýar. Trampyň özi öň birnäçe gezek kripto walýutada milli ätiýaçlyk goruny döretmek mümkinçiligi barada aýdypdy. Bu hem maýadarlaryň umytlaryny has-da artdyrdy. Geçen hepde ol ABŞ-nyň bu ugurdaky öňdeligini Hytaýa ýa-da beýleki ýurtlara bermeli däldigini aýtdy. Bu keýpiçaglyk bilen hem-de bitkoinleriň iň uly kärhana eýesi "MicroStrategy-nyň" "Nasdaq-100" sanawyna girizilmegi baradaky habarlar bilen goldanyldy. 2024-nji ýylda onuň maýa goýumy alty esse artyp, 94 milliard dollara ýetdi diýip, 3dnews.ru ýazýar.
Ýylyň başyndan bäri bitkoiniň bahasy takmynan üç esse ýokarlandy we kripto walýuta bazarynyň umumy mukdary iki esse artyp, 3,8 trillion dollara ýetdi.
Bitkoiniň gymmatlamagynyň barşynda efiriň bahasy hem 1,5% artyp, 3965 dollara ýetdi. Analitikler bitkoiniň indiki sepginiň 110 müň dollardygyny çaklaýarlar.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...