Astro Bot oýny The Game Awards 2024-de ýylyň oýny boldy

  • 17.12.2024 13:28
  • 1.7k+

Team Asobi studiýasynyň Astro Bot platformeri “Ýylyň oýny” hökmünde The Game Awards 2024-üň baş baýragyny aldy. Sony-nyň taslamasy Balatro, Black Myth: Wukong, Elden Ring: Shadow of the Erdtree, Final Fantasy VII Rebirth we Metaphor: ReFantazio ýaly bäsdeşlerden öňe geçdi.

The Game Awards baýragynyň 11-nji gowşurylyş dabarasy Los-Anjelesde geçirildi we guramaçylar kompýuter oýunlary pudagynda gazanylan üstünlikleri bellediler.
Astro Bot “Iň gowy oýun režissýorlygy”, “Iň gowy maşgala oýny” we “Iň gowy başdangeçirmeli ekşn oýny” nominasiýalarynda hem ýeňiş gazandy.
Metaphor: ReFantazio we Balatro oýunlarynyň hersi üç baýrak aldy.
Sylaglamakdan başga-da, guramaçylar “The Witcher 4” we It Takes Two-nyň awtorlarynyň indiki oýny ýaly birnäçe täze taslamany-da hödürlediler.
“Iň gowy kibersport oýny” nominasiýasynda ýeňiji Riot Games-den League of Legends boldy, ol TGA-da eýýäm dördünji ýeňşini gazandy. Oýun Dota 2, Counter-Strike 2, Valorant we Mobile Legends: Bang Bang oýunlaryndan öňe geçdi.
2024-nji ýylyň iň gowy kiber türgeni LoL boýunça bäş gezek dünýä çempiony Li Faker San Hýok, iň gowy topar bolsa onuň T1 rosteri boldy.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....