Nýu-Ýorkuň ýaşaýjysy skeýtbordda 57 günde 5000 km geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 17.12.2024 11:17
  • 12k+

Nýu-Ýorkuň ýaşaýjysy Çad Karuzo skeýtbordly 57 gün 6 sagat 56 minutda 5000 km ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol syýahatyny Wenesiýa-Biçden (Kaliforniýa) başlap, ABŞ-nyň gündogar kenarynda tamamlady.

Syýahat wagtynda Karuzonyň ýanynda diňe skeytbord bilen rýukzagy bardy. Oňa adamlaryň köp sanlysy goldaw berdi, olaryň käbiri syýahatçyny hut özleri gutlamak üçin pellehana geldi.
Çad skeýtbordda hereket etmegiň oňa durmuşyny üýtgetmäge, şol sanda zyýanly endiklerden saplanmaga kömek edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu rekord erkiň we berkligiň subutnamasy boldy.

Karuzo: "Ýüzlerçe adamyň goldamagynda pellehana ýakynlaşanymda duýgularymy saklap bilmedim" – diýip, Karuzo begenjini paýlaşýar.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....