Hytaýda robot şar hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine jenaýatçylary tutmaga kömek eder

  • 16.12.2024 15:12
  • 11k+

Hytaýda Logon Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, özbaşdak işleýän RT-G robotyny synagdan geçirip başladylar. Şar görnüşli robot köçelere gözegçilik etmäge we ýaraglanan howply jenaýatçylary yzarlamaga ukyply diýip, Interesting Engineering habar berýär.

Model kyn şertlerde işlemek üçin döredildi. Ol gury ýerde-de, suwda-da hereket edip biler.
Robotyň agramy 125 kg, tizlige sagatda 35 km-e ýetýär we dört tonna çenli urga çydap bilýär.
RT-G ýüzleri tanadýan we bidüzgünçilikleri ýüze çykarýan emeli aň bilen enjamlaşdyrylandyr. Oňa oturdylan ulgamlar hadysalar barada polisiýa habar bermäge ýa-da düzgüni bozýanlary özbaşdak zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär. Robotyň ýaragy ölüm howply däl, ol tor atýan ýarag we göz ýaşardyjy gaz pürküjiler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Robot eýýäm şäher köçelerinde synagdan geçirilýär. Internetde ýerleşdirilen wideolarda şar görnüşli robotyň polisiýa işgärleri bilen birlikde şübhe astyna alnanlary yzarlamaga we tertip-düzgüni saklamaga kömekleşişi görkezilýär.
Bilermenler RT-G-e robotlaryň hukuk goraýjy ulgama ornaşdyrylyşynyň täze tapgyry hökmünde garaýarlar. Hytaý hukuk goraýjy tejribä innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyryp, bu pudagy işjeň ösdürýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......