Dizaýner Mettýu Blazi Chanel-iň döredijilik müdiri bolar

  • 16.12.2024 06:55
  • 3.7k+

Chanel moda öýi fransiýa-belgiýaly dizaýner Mettýu Blazini täze döredijilik müdiri wezipesine belledi. Bu barada Women’s Wear Daily žurnaly habar berdi.

Mundan öň Blazi Bottega Veneta brendine ýolbaşçylyk edipdi. Ol täze kompaniýada wezipesine 2025-nji ýylyň aprel aýynda girişer.

“Biz 10, 15 we ondan hem köp ýyl bile bolarys diýip umyt edýäris. Biz häzir taryhymyzyň başynda. Bilelikde biz brend üçin täze baby ýazyp bileris” – diýip, Chanel SAS-yň prezidenti Bruno Pawlowski belledi.

Ol Blaziniň brendiň mirasyna we özünden öňküleriň bitiren işine hormat goýýandygyny belläp geçdi. Ondan öň döredijilik müdirleri Gabriel Şanel, Karl Lagerfeld, şeýle-de bäş ýyl işländen soň 2023-nji ýylda Chanel-i terk eden Wirjini Wiar boldy.
Täze rolda Blazi haute couture, ready-to-wear kolleksiýalaryna ýolbaşçylyk eder hem-de aksessuarlar hataryny ösdürmek bilen meşgullanar.
Bottega Veneta-da işlemezden ozal dizaýner Raf Simons, Calvin Klein we Celine bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bottega Veneta-nyň täze döredijilik müdiri Luiza Trotter bolar.

şu gün 13:03
3.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....