Aşgabatda robot tehnologiýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýaşlaryň 272-si gatnaşdy

  • 15.12.2024 17:33
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň guramagynda geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň hem-de robot tehnologiýasy we emeli aň tehnologiýasynyň üsti bilen bilim bermegiň aýratynlyklaryny, ösüş ugurlaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Sergide birnäçe ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, «Imdat elektronika», «Gyrat», «Milli ulgam», «Dana», «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri we taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan robotlary tanyşdyryldy.
Degişli meýilnama laýyklykda, ýaryşlar «Sumo robotlaryň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalarynyň bäsleşigi» hem-de «Ak ýerde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi» diýen ugurlar boýunça geçirildi.
Iki günläp dowam eden bäsleşigiň açylyş dabarasyna «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ismadi bin Ismail hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ol kompaniýanyň «Anymal X» roboty bilen tanyşdyrdy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça iň tapawutlanan gatnaşyjylaryň 18-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Netijede, ýekeleýin ugurlar boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ýusup Baýramdurdyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Orazsähet Atamyradow, Aşgabat şäherindäki 96-njy orta mekdebiň okuwçysy Maksat Kakaýew birinji orny eýelediler. Toparlaýyn taslamalaryň bäsleşigi boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Pirguly Öwezow, Maksat Kakajanow hem-de Oguzhan Annageldiýew birinji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


04.06.2026 19:55
4.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
5.9k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.9k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....