Maýkl Jeksonyň 15 sany çykmadyk aýdymyny öz içine alýan kassetalar tapyldy

  • 15.12.2024 17:36
  • 11k+

Kaliforniýanyň San-Fernando jülgesindäki taşlanan ammarda Maýkl Jeksonyň öň çykarylmadyk aýdymlaryny saklaýan 16 kasseta tapyldy. Ýöne olar diňleýjiler üçin elýeterli bolman, has dogrusy, kolleksionerler tarapyndan ýygnalsa gerek diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Ýazgylary Kaliforniýanyň ýol patrulynyň öňki işgäri Gregg Masgrouw tapdy. Ozal ammar aýdym-saz prodýuseri we aýdymçy Braýan Lorene degişlidi.
Kassetalarda 15 sany aýdym bolup, olardan 12-si doly tamamlanan. Jekson olaryň üstünde 1989-njy ýyldan 1991-nji ýyl aralygynda, “Dangerous” albomy çykmazdan ozal işläpdir.
Aýdymlardan başga-da, kassetalarda Jekson bilen Loreniň studiýa işi we kompozisiýalar barada gürrüňdeşliginiň ýazgysy bar. Aýdymlaryň arasynda “Don’t Believe it”, “Seven Digits”, “Son of Thriller”, “All The Truth You Need”, “Man In Black”, “Canʼt Come Back” we “Truth on Youth” atly kompozisiýalar bar. Soňky aýdymynda Jekson repçi LL Cool J (sazanda Jekson bilen hyzmatdaşlyk barada aýdypdy) bilen bilelikde rep okaýar.
Masgrouw Maýkl Jeksonyň mirasdüşerlerine ýüz tutdy, ýöne olar ýazgylary öwrenip, näbelli bir sebäbe görä olary satyn almakdan ýüz öwürdiler. Resmi hatda mirasdüşerler kassetalara dalaş etmeýändiklerini ýazdylar, ýöne olara eýe çykan islendik biriniň bu aýdymlar üçin awtorlyk hukugyny alyp bilmejekdigini bellediler. Bu bolsa aýdymlaryň resmi taýdan ýaýradylman biljekdigini aňladýar.
Masgrouw auksion öýleriniň üsti bilen ýazgylary kolleksionerlere satmagy meýilleşdirýär.
Ömrüniň dowamynda Maýkl Jekson on studiýa albomyny çykardy we olar 500 milliondan gowrak nusga tiraž bilen satyldy. Sazanda 2009-njy ýylyň iýun aýynda 50 ýaşynda, hoşlaşyk konsert syýahaty yglan edilenden gysga wagtdan soň aradan çykdy. Ol ölenden soň ozal çykmadyk aýdymlar bilen ýene iki albomy çykdy.

şu gün 01:36
485

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
1.7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
361

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

düýn 14:24
3.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......