“Altyn” ieroglifi Ýaponiýada ýene ýylyň nyşany hökmünde ykrar edildi

  • 14.12.2024 17:11
  • 3.1k+

Ýaponiýada 2024-nji ýylyň nyşany hökmünde “kin” (“altyn”) ieroglifi saýlandy. Bu barada Kiotadaky “Kiýomidzu-dera” (“Arassa suw ybadathanasy”) buddizm ybadathanasynda geçirilen dabarada yglan edildi diýip, TASS habar berýär.

Çözgüt 221 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda umumymilli ses berişligiň esasynda kabul edildi. “Altyn” üçin gatnaşyjylaryň 5,47%-i ses berdi.
Şeýle saýlawyň esasy sebäpleri Ýaponiýanyň Pariždäki Olimpiadada gazanan sport üstünlikleri, Sado adasyndaky altyn we kümüş känleriniň ÝUNESKO-nyň obýektleriniň sanawyna girizilmegi, şeýle-de Liberal-demokratik partiýasynda maliýe hasabatynyň bozulmagy bilen baglanyşykly syýasy dawa boldy.
Däp bolşy ýaly, ýylyň nyşany ybadathananyň ruhanysy Seýhan Mori tarapyndan şaly sypalyndan edilen uly ýuka kagyza çekildi. Şeýle dabara 1995-nji ýyldan bäri geçirilýär we häzirki hasap boýunça 30-njy boldy.
Geçen 2023-nji ýylyň nyşany “salgyt” ieroglifi bolupdy, 2021-nji ýylda bolsa nyşan hökmünde ýaponiýaly türgenleriň Tokiodaky tomusky Olimpiadada rekord mukdarda altyn medala mynasyp bolmagy sebäpli “altyn” saýlandy.
Nyşanyň saýlanmagy geçip barýan ýylyň iň möhüm wakalaryny we ýapon jemgyýetiniň şähdini görkezýär.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......