Disney Rapunsel baradaky multfilmiň kino wersiýasyny taýýarlaýar

  • 14.12.2024 16:43
  • 2.9k+

Disney kompaniýasy 2010-njy ýylda çykan “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” (Рапунцель: Запутанная история) animasion lentasynyň esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Taslama doganlar Grimmleriň adybir ertekisine esaslanýar diýip, Variety habar berýär.

Geljekki lentanyň režissýory “Beýik şoumen” (Величайший шоумен) mýuziklini goýujy Maýkl Greýsi bolup biler. Onuň ssenarisi “Tor: Söýgi we gök gürrüldisi” (Тор: Любовь и гром) lentasynyň we “Men geçen tomus näme edeniňizi bilýärin” (Я знаю, что вы сделали прошлым летом) filminiň täze wersiýasynyň üstünde işlän Jennifer Kaýtin Robinsona tabşyryldy. Film üçin kasting heniz yglan edilmedi.
14 ýyl ozal çykan ýylynda “Rapunsel: Çylşyrymly hekaýa” multfilmi dünýä prokatynda 592 mln dollar ýygnady. Şondan soň diňde saklanýan şa gyzynyň hekaýatynyň üstüni ýetirýän gysga metražly film we serial döredildi.
Disney animasion hitleriniň kino wersiýalaryny döretmek trendini işjeň dowam etdirýär. Mundan öň tomaşaçylara “Şa ýolbars” (Король Лев), “Gözel we nägehan” (Красавица и Чудовище), “Mulan” (Мулан), “Aladdin” (Аладдин), “Suw perijigi” (Русалочка) we “Dambo” (Дамбо) multfilmleriniň kino görnüşleri hödürlendi. 2025-nji ýylda “Garpamygyň” (Белоснежка) we “Lilo we Stiçiň” (Лило и Стич) premýerasy meýilleşdirilýär, 2026-njy ýylda bolsa ýarymhudaý Mauiniň keşbini Dueýn Jonsonyň ýerine ýetirmeginde “Moana” filmi çykar.


şu gün 08:41
487

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......