Amerikaly basketbolçy Keýtlin Klark “Time” tarapyndan ýylyň zenan türgeni saýlandy

  • 14.12.2024 09:03
  • 3.6k+

22 ýaşly amerikaly basketbolçy Keýtlin Klark Time žurnaly tarapyndan ýylyň zenan türgeni saýlandy.

Zenanlaryň Milli basketbol assosiasiýasynyň (WNBA) “Indiana Fiwer” klubunyň goragçysy Klark 2024-nji ýylyň draftynda (liga goşulmak isleýän täze basketbolçylary saýlamak) birinji belgi bilen saýlandy. Geçen möwsümde ol 40 oýna gatnaşyp, ortaça 19,2 utuk gazandy. Ol möwsümde topy geçirmegiň sany boýunça WNBA-nyň rekordyny goýdy (337) we liganyň taryhynda 769 utuk gazanan hem 122 gezek üç utukly zyňyş eden ilkinji täze oýunçy boldy. Mundan başga-da, Klark bir oýundaky geçirimleriň sany boýunça WNBA-nyň rekordyny goýdy – 19.
Onuň tagallalary bilen “Indiana” 2016-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pleý-offa çykdy. Toparyň oýunlary geçen möwsümde iň köp tomaşa edilýän oýunlar boldy. Şeýle-de, topar öý oýunlaryna gatnaşyk boýunça WNBA-nyň rekordyny täzeledi. Yzygiderli möwsümiň “Waşington Misiks” bilen “Indiananyň” arasyndaky soňky oýny WNBA-nyň bir oýnuna gatnaşanlaryň sany boýunça täze rekord goýdy – 20 711 adam.

düýn 23:49
725

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......