Samsung Galaxy S25-iň bahalary, girizilen gowulaşmalara garamazdan, öňküligine galar

  • 14.12.2024 08:36
  • 9k+

Germaniýanyň WinFuture çeşmesi Samsung Galaxy S25 seriýaly smartfonlaryň bahalaryny mälim etdi. Smartfonlar  birnäçe gowulaşmalary alandygyna garamazdan, iň bolmanda, Germaniýada şol öňki ýagdaýynda galar.

Bahalar şeýle bolar:

  • Galaxy S25: 128 GB - 900 ýewro / 256 GB - 960 ýewro
  • Galaxy S25 Plus: 256 GB - 1150 ýewro / 512 GB - 1270 ýewro
  • Galaxy S25 Ultra: 256 GB - 1450 ýewro / 512 GB - 1570 ýewro / 1 TB - 1810 ýewro

Çeşme bu modelleriň RAM-nyň nähili boljakdygyny görkezmeýär, ýöne öň Galaxy S24 Ultra-nyň 16 Gb RAM, Galaxy S25-iň we Galaxy S25 Plus -yň hersinde 12 GB RAM boljakdygy habar berlipdi.
Smartfonlaryň iň ýokary derejeli Qualcomm Snapdragon 8 Elite bir çip ulgamy we Android 15 esasly One UI 7 interfeýsi bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem insaýder Roland Kwandt Galaxy S25 Ultra-nyň maketiniň gara we ak reňkdäki şekillerini hödürledi. Dizaýn, maketde periskop modulynyň ýokdugyny hasaba almasaň, iň soňky wersiýa gabat gelýär. Ol önümçilik wersiýasynda bolar.
Galaxy S25 setiriniň resmi taýdan ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...