Google kwant çibini hödürledi: meseleleri “10 septillion ýyl tiz” çözüp bilýär

  • 13.12.2024 15:05
  • 3.7k+

Google kompaniýasy Willow (iňlis dilinden terjime edilende – “söwüt”) kwant prosessoryny hödürledi. Çip öndürijiligi boýunça hem döwrebap superkompýuterlerden, hem beýleki kwant prosessorlaryndan ep-esli güýçlüdir diýip, Google Quantum AI barlaghanasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Hartmut Newen nygtaýar.

Prosessor 105 kubit bilen üpjün edilen. Google-yň maglumatlaryna görä, Willow standart hasaplaýyş-bençmarkyndan bäş minutdan az wagtyň içinde baş çykaryp bildi. Häzirki wagtda dünýäde iň tiz superkompýuterleriň biri hasaplanýan Frontier-e şol bir meseläni çözmek üçin 10 septillion ýyl (bu sanda ýigrimi dört nol bar) gerek bolardy.
Willow ýalňyşlyklaryň ýygylygyny azaltmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän has köp kubiti ulanmak başarnygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, ol kwant kompýuterleri üçin iň kyn test bolan RCS (Random Circuit Sampling) bençmarkynda-da üstün geldi.
RCS kwant kompýuterleriniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýan çylşyrymly testdir.  Willow bu barlag görkezijisinden hem geçip, beýleki kwant ulgamlary üçin çylşyrymly bolan kyn kwant hasaplamalaryndan baş çykarmak ukybyny görkezdi.
Üstünliklere garamazdan, Willow üçin täjirçilik gymmaty bolan meseleler heniz elýeterli däl. Işläp düzüjilere heniz ilkinji amaly hasaplamany ýerine ýetirmek gerek.
Google Quantum AI-iň ýolbaşçysy kwant hasaplamalarynyň we emeli aňyň bilelikdäki ösüşiniň dürli ugurlarda mundan beýläkki ylmy gözlegler üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Mysal üçin, alymlar täze derman serişdelerini işläp taýýarlap, elektrik awtomobiller üçin has netijeli batareýalary taslap bilerler. Mundan başga-da, kwant hasaplamalary termoýadro sintezi pudagynda we umumy alternatiw energetikada öňegidişligi tizleşdirmäge kömek eder.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.6k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....