Toyota kompaniýasy bZ3X krossoweri üçin sargytlary kabul edip başlady. Ol 13,800 dollar baha bilen hödürlenýär

  • 13.12.2024 12:06
  • 11k+

“Toyota” kompaniýasy bZ3X elektrik krossoweri üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Täze önüm barada Carnewschina portalynda habar berilýär.

Model üç görnüşli gurnama esasynda hödürlenýär: 430 Air +, 520 Pro + we 620 Max. Olaryň bahalary 13,800 dollardan 27,500 dollar aralygynda bolar.
Awtoulagyň çykarylyşy indiki ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýär. 275 dollar depozit (öňünden geçirilýän töleg) tölemek bilen, müşderiler ileri tutulýan ýük daşamakdan peýdalanyp bilerler.
Awtoulag ýedi reňkde elýeterli bolar: asman ak, arassa gar ak, uzak dag çal, açyk aý kümüş, açyk gara, asman gülgüne we kiber altyn.
Krossower 18 ýa-da 19 dýuým tekerler bilen enjamlaşdyrylar. Olaryň düzmek ölçegleri 4600x1875x1645 mm, tigir bazasy 2765 mm bolar. Awtoulagyň agramy 1690 kg-a barabardyr.
BZ3X-iň esasy aýratynlygy Nvidia Drive AGX Orin X çipi bilen işleýän ADAS Momenta 5.0 ulgamy bolup, ol tizlik çäklendirijisi, ýol yşyk (swetofor) kömekçisi, uzakdaky awtoulag duralgasy we körlere niýetlenen nokatlara gözegçilik ýaly 25-den gowrak funksiýany goldaýar.
Awtoulagyň elektrik hereketlendirijisi 201 at güýjüne eýedir, onuň energiýa ätiýaçlygy bolsa, markanyň görnüşine bagly: 430, 520 ýa-da 620 km. Elektrik krossowerine çalt zarýad bermek mümkinçiligi ýokary, ýagny onuň batareýasyny 24 minutda 30%-den 80%-e çenli zarýad bilen dolduryp bolýar.
Içki görnüşi häzirki zaman rahatlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr: arasy iki birikdirijili we köpugurly rul, 8,8 dýuým LCD gural paneli, “Qualcomm Snapdragon 8155” çipi bilen işleýän 14,6 dýuýmlyk  merkezi dolandyryş ekrany bar. Şeýle hem awtoulag 11 sesli “Yamaha” ses ulgamyna, ýedi sany SRS howa ýassygyna, simsiz jübi telefonyna zarýad bermek we 32 reňkli daşky yşyklandyryş mümkinçiligine eýe diýip, ixbt.com ýazýar.


düýn 14:05
3.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......