Time AMD-niň ýolbaşçysyny ýylyň baş direktory saýlady: ol kompaniýany çökgünlikden çykarypdyr

  • 13.12.2024 11:34
  • 3.3k+

AMD amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liza Su Time žurnaly tarapyndan ýylyň baş müdiri diýlip ykrar edildi.

AMD integral mikroshemalary we elektronikany öndürýär. Bu merkezi prosessorlary, grafiki prosessorlary we adapterleri, şeýle-de çipsetleri iň uly öndürijileriň biridir. Neşirde Liza Sunuň baş müdir bellenen wagty kompaniýanyň çökgünlik ýagdaýynda bolandygy bellenilýär. Paýnamalaryň bazar bahasy zordan 3 dollardan geçýärdi, maglumat merkezleri üçin çipleriň bazarynda paý bolsa nola golaýdy.
Bilimi boýunça inžener bolan Su önümleriň doly derejede gaýtadan taslanmagyna, müşderiler bilen gatnaşyklaryň dikeldilmegine üns berip, kompaniýany üstünlige getirdi.
2022-nji ýylda AMD-niň bahasy ilkinji gezek esasy bäsdeşi Intel-iň kapitalizasiýasyndan ýokary boldy. Häzirki günde AMD-niň paýnamalary 130 dollar derejesinde satylýar we bu Sunuň gelen döwründäkiden 50% ýokarydyr. Sunuň tagallalary akademiki jemgyýet tarapyndan hem ykrar edildi: Garwardyň işewürlik mekdebi AMD-niň dolandyryş taryhyny mysal hökmünde öz okuw maksatnamasyna goşdy.

“Bu, hakykatdanam, häzirkizaman amerikan jemgyýetiniň taryhynda iň beýik özgerişleriň biri” – diýip, taryhçy, Chip War kitabynyň awtory Kris Miller belleýär.

Neşiriň 2024-nji ýylda wagtlaýyn dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrülip, haýran galdyryjy belentliklere ýeten Nvidia ýaly bäsdeşleriň bar döwründe Suny saýlamagy aýratyn üns bellärliklidir. Şeýle-de belläp geçsek, Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jenden Huang bilen Liza Su daşgyn garyndaşdyr. 

düýn 17:02
1.8k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......