Hytaýly alymlar çoýun öndürmegiň 3600 esse çalt usulyny oýlap tapdylar

  • 12.12.2024 10:41
  • 4.7k+

Hytaýda çoýny adaty usuldan 3600 esse çalt öndürmegiň öwrülişikli usuly işlenip taýýarlandy. Barlagçylar tehnologiýanyň diňe bir prosesi çaltlaşdyrman, eýsem, onuň arzan düşýändigini we ekologiýa taýdan has amatlydygyny nygtaýarlar diýip, South China Morning Post ýazýar.

Domna pejinde çoýny gaýtadan işlemegiň adaty usuly alty sagat töweregi wagt alýar, ýöne täze usul taýýar metallary bary-ýogy üç-alty sekuntda almaga mümkinçilik berýär. Bu demir magdanynyň owradylan tozuny ýokary temperaturaly peje pürkýän tüweleýläp üflemek usulyny ulanmak arkaly gazanylýar. Bu prosesiň netijesinde ýüze çykýan himiki reaksiýa ýokary derejede arassa demir akymynyň emele gelmegine getirýär.
Bu usulyň üstünde on ýyldan gowrak wagt işlendi. Synaglar ulgamyň ýylda 7,11 million tonna çoýun öndürip biljekdigini görkezdi. Bu proses kömür talap etmeýär, bu bolsa uglerod zyňyndylaryny ep-esli azaldýar. Mundan başga-da, täze tehnologiýa pes metal düzümi bolan demir magdanlaryny netijeli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär, bu çoýny iň köp öndürýän Hytaý üçin has hem möhümdir.
Alymlar bu usulyň pudagyň energiýa netijeliligini 30% ýokarlandyryp biljekdigine ynanýarlar.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......