Mersedes-AMG üçeksiz we alynky aýnasyz kabrioleti hödürledi

  • 11.12.2024 19:00
  • 8.1k+

Mersedes-AMG üçeginiň we aýnasynyň ýoklugy bilen tapawutlanýan Mythos PureSpeed-iň önümçilik wersiýasyny hödürledi. Şeýle aýratynlyklaryň öwezini dolmak üçin awtoulag özboluşly aerodinamiki elementler bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, Motor1 ýazýar.

PureSpeed SL63-iň öňdäki panelinde AMG One giperkarynyň täsiri bar, polat Halo gorag gurluşynyň bolsa süýşürilýän howpsuzlyk dugalary bilen üsti ýetirilýär.
Model 577 at güýjüni öndürýän 4,0 litrlik goşa turbo görnüşli V8 hereketlendirijisi, dokuz tizlikli geçiriji, doly hereketli tekerler we kreniň gidrawliki gözegçiligi  hem-de yzky tekerleri dolandyryjy ýaly şassi ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Awtoulag aragatnaşyk ulgamly iki aerodinamiki şlem bilen gelýär. Salon eksklýuziw IWC Schaffhausen sagady bilen bezeldi.
Komplektde barybir köneki ýaryş awtoulaglaryndaky ýaly teker arkalaryna berkidilen mata örtükden ybarat üçek bar. Şeýle-de bolsa, bu örtük diňe awtoulag duralgada goýlanda ulanmak üçin niýetlenendir.
Bahasy entek aýan edilmedi, ýöne çykarylyşynyň 250 nusga bilen çäklendirilendigini we kollektorlar üçin niýetlenendigini göz öňünde tutup, modeliň bahasy arzan bolmaz. Mersedes Mythos seriýasyny Maybach-dan ýokarda goýýar.


23.05.2026 15:59
4.4k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....