Xiaomi resmi taýdan ilkinji krossoweri bolan YU7-ni hödürledi

  • 11.12.2024 15:34
  • 4.8k+

Xiaomi özüniň ilkinji krossoweri YU7-ni resmi taýdan hödürledi. Ol kompaniýanyň ikinji elektromobili boldy. Satuw 2025-nji ýylyň iýun ýa-da iýul aýlaryna meýilleşdirilýär diýip, 3Dnews habar berýär.

YU7 krossoweri iki elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi: öňdäki 220 kWt we yzky 288 kWt. Ulgamyň umumy kuwwaty 508 kWt (681 at güýji) bolup, bu tizligi sagatda 253 km çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Awtomobiliň göwrümi: uzynlygy – 4999 mm, ini – 1996 mm, beýikligi – 1600 mm. Tigir bazasy 3000 mm, agramy 2405 kg barabar.
Model üçin batareýany CATL kompaniýasy öndürýär, ýöne onuň sygymy häzirlikçe belli däl. Awtomobiliň dizaýny süýnmek şekilli kuzowy we aýnalaryň egri çyzyklary sebäpli Ferrari Purosangue-ni ýada salýar.
Mundan öň Xiaomi SU7 sedanyny çykardy we 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli bu modelden 100 000-den gowrak awtomobil satyldy. Kompaniýa täze krossower bilen elektromobil bazarynda ornuny berkitmek we Tesla bilen bäsleşmek isleýär. YU7-niň bahasynyň 250 000-den 350 000 ýuan aralygynda (takmynan, 35 500 – 48 200 dollar) bolmagyna garaşylýar.


düýn 16:04
1.2k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.8k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......