The Rolling Stones rok topary “erkinligiň we pitneçiligiň ysy” gelýän ilkinji atyryny çykardy

  • 11.12.2024 11:13
  • 3.1k+

Britaniýanyň The Rolling Stones rok topary özüniň ilkinji RS No.9 atyryny hödürledi. Bu müşk ady rowaýata öwrülen toparyň aýdym-saz mirasyndan we 1960-njy ýyllaryň ruhundan ylham alýar diýip, Buro24 / 7 habar berýär.

Atyr hoşboý yslar äleminde täzelikçi Nirvana Brands we Universal Music Group-yň merçandaýzing  boýunça bölnüp aýrylan Bravado kompaniýasy bilen bilelikde döredildi.
Atyryň konsepsiýasy 1962-nji ýylda toparyň taryhynyň başlanan ýeri bolan Londondaky Soho etrabyny alamatlandyrýan pitneçi ruhuň we aňrybaş inçeligiň utgaşmasy esasynda guruldy.
Kompozisiýany atyrçy Ketrin Selig döretdi. Hoşboý ys bergamot, limon we burbon äheňlerini dubuň we müşküň çuňňur öwüşginleri bilen birleşdirýär. Selig toparyň özboluşly stilini, erkin ruhuny we mirasynyň köp gyraňlylygyny görkezmek isländigini nygtady.
Çüýşesiniň dizaýny toparyň Londondaky RS No.9 Carnaby dükanynyň estetikasyny şöhlelendirýär. Ol aýdymyň sözleri görnüşindäki graffitiler bilen bezelip, gapagy bolsa 1970-nji ýylda Jon Paşeniň döreden däp bolan dili we dodak logotipi bilen üstünlikli jemlenýär.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....