Redmi K80 seriýasy ýere degirmän alynýar: 10 günde milliondan gowrak enjam satyldy

  • 11.12.2024 11:11
  • 7.7k+

27-nji noýabrda satuwa çykarylan Redmi K80 seriýasy brendiň taryhynda iň köp satylan seriýa öwrüldi. Bary-ýogy 10 günde Xiaomi 1 milliondan gowrak Redmi K80 we K80 Pro modellerini satdy.

Satuwyň ilkinji gününde eýýäm 660 000-den gowrak smartfon satyn alyndy, bu bolsa Redmi K seriýasynyň öňki rekordlaryny täzeledi. Enjamlar bahasynyň häsiýetnamasyna degýänligi sebäpli ünsi özüne çekdi. Esasy K80 modeliniň bahasy 345 dollardan başlaýar.
Redmi-niň baş direktory bu setiriň 2025-nji ýylda iň geçginli enjam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
Tanyşdyryş dabarasynda kompaniýa taryhy netijäniň gazanylandygyny hem mälim etdi. 11 ýylda Redmi brendi dünýäniň 105 ýurduny we sebitini öz içine almak bilen, 1,11 milliarddan gowrak enjam satdy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...