Alymlar dünýäde ilkinji almaz batareýasyny döretdiler. Hyzmat ediş möhleti – müňlerçe ýyl

  • 10.12.2024 19:18
  • 8k+

Bristol uniwersitetiniň we Beýik Britaniýanyň Atom energiýasy boýunça edarasynyň (UKAEA) alymlary uglerod-14-üň esasynda dünýäde ilkinji almaz batareýasyny döretdiler. Bu innowasion energiýa çeşmesi radioaktiw bölünmäniň esasynda işleýär, onuň hyzmat ediş möhleti bolsa müňlerçe ýyla barabar diýip, Tech Xplore ýazýar.

“Biziň mikroenergetika tehnologiýamyz kosmos tehnologiýalaryndan we howpsuzlyk enjamlaryndan başlap, lukmançylyk implantatlaryna çenli birnäçe möhüm programmany goldap biler” – diýip, professor Tom Skott belledi.
Batareýa howpsuz we durnukly. Ol ýagtylygy elektrik energiýasyna öwürýän Gün panelleri ýaly işleýär, ýöne fotonlaryň deregine çalt hereket edýän elektronlary tutýar. “Almaz batareýalary mikrowattda kuwwatlylygyň hemişelik derejesini üpjün etmegiň ygtybarly we durnukly usulyny hödürleýär” – diýip, UKAEA-nyň wekili Sara Klark belläp geçdi.

Gurluş lukmançylykda, mysal üçin, göz implantatlary, eşidiş enjamlary we kardiostimulýator üçin ulanylyp bilner, bu hem olary çalyşmak zerurlygyny azaldar. Şeýle-de, batareýalar adatdan daşary şertlerde, mysal üçin, kosmos enjamlaryna gözegçilik etmek üçin kosmosda ulanylyp bilner.
Taslamanyň üstündäki işler UKAEA-nyň Kalhemdäki kampusynda alnyp baryldy we bu ýerde emeli almazlary ösdürip ýetişdirmek üçin termoýadro sintezi tehnologiýasy ulanyldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....