15 ýylda $765 mln dollar alar: Dominikanly beýsbolçy sportuň taryhynda iň gymmat şertnama baglanyşdy

  • 10.12.2024 17:38
  • 5.3k+

Dominikanly beýsbolçysy Huan Soto MBL-yň “Nýu-Ýork Mets” kluby bilen rekord - 765 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama professional sportuň dünýäsinde iň gymmat şertnama boldy.

Sports.ru-nyň habar bermegine görä, şertnama 15 ýyllyk bolup, ýylda 51 million dollar tölener.
Şol bir wagtda, şertnamada 2029-njy ýylyň möwsüminiň ahyrynda onuň ýatyrylyp bilinjekdigi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, klub şertnamanyň galan bölegi üçin Sotonyň ýyllyk tölegini 55 million dollara çenli ýokarlandyryp, bu mümkinçiligi ýatyryp biler. Bu ýagdaýda şertnamanyň umumy bahasy 800 million dollardan geçer.
Bu şertnama geçen ýyl “Los-Anželes Dojers” bilen on ýyllyk, 700 million dollarlyk şertnama baglaşan ýaponiýaly beýsbolçy Sýoheýem Otani tarapyndan goýlan öňki rekorddan geçdi.
Soto MLB-de 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Dominikanly türgen geçen möwsümi “Nýu-Ýork Ýankisiň” düzüminde geçirdi we olar bilen Dünýä seriýasyny çykmagy başardy. Emma finalda “Dojersden” ýeňildi.


15.06.2026 14:15
7.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....